«Türkmenistanyň çäginde sportuň täze görnüşlerini we sport ugurlaryny ykrar etmegiň tertibi» tassyklanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2025-nji ýylyň 15-nji awgustyndaky 1896 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
4 bapdan ybarat bolan Tertip Türkmenistanyň çäginde sportuň täze görnüşlerini we sport ugurlaryny ykrar etmegiň tertibini düzgünleşdirýär. Şeýle-de täze görnüşleri we sport ugurlaryny ykrar etmäge bildirilýän talaplary kesgitleýär.
Bu ýerde sportuň täze görnüşleri we/ýa-da sport ugurlary bilen teatr, saz sungaty, sirk, estrada we kino sungaty ýaly ugurlarda ösdürilen iş görnüşleriniň düzümine girýän ýa-da olaryň bir bölegi bolan meňzeş hereketleriň, usullaryň, hereketleriň ýa-da maşklaryň bolmagynyň aradan aýrylmalydygy bellenilýär. Sportuň täze görnüşleri we sport ugurlary boýunça bäsleşikler geçirilende ýa-da oňa taýýarlyk görlende garşydaşa rehimsizlik görkezilmegine, tomaşaçylara hormatsyzlyk edilmegine, adam mertebesini we abraýyny kemsidýän islendik hereketlere, zorlugy we rehimsizligi wagyz edýän, jemgyýetçilik, milli, dini ýa-da başga bir aýratynlygy ýa-da çydamsyzlygy öňe sürýän islendik diskriminasiýa görnüşlerine ýol berilmezligiň üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar.
Resminama Watanymyzyň çäginde sportuň täze görnüşlerini we sport ugurlaryny ykrar etmegiň tertibini anyk we dolulygyna belleýär.
