Täze ýörite awtobuslaryň 11-si lebaply gazçylara hyzmat edip başlady

MilliInfo

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Ulaglar kärhanasynyň maddy-tehniki mümkinçilikleriniň üsti täze awtobuslaryň 11-si bilen ýetirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» welaýat gazetinde habar berildi.

«Dong Feng EQ 6820 ZT» kysymly awtobuslar eýýäm gazçylary gatnatmaga girişdi. Şeýlelikde, kärhananyň garamagyndaky ýolagçy awtobuslarynyň sany 27-ä çykdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň «Dong Feng Special Automobile Co., Ltd.» kompaniýasynda öndürilen täze awtobuslaryň hersi 22 ýolagça niýetlenilip, olar sähralyklarda, geçmesi kyn bolan ýerlerde aýratyn kuwwaty bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, awtobuslar işçileri Garagumuň jümmüşindäki «mawy ýangyçly» ýataklara bökdençsiz eltmäge we alyp gaýtmaga doly mümkinçilik berýär. Ýeri gelende, ýer astyndan «mawy ýangyç» gazyp alyjylaryň iş we ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny nygtamak gerek. Bu bolsa gazçylaryň işe bolan höwesine höwes goşýar. Täze ulaglar olar üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nobatdaky toý sowgady boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo