«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan her hepdäniň ýekşenbe güni Aşgabat — Abu-Dabi hem-de Abu-Dabi — Aşgabat ýolagçy gatnawlaryny girizýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda hödürlenen Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrylýan halkara ýolagçy howa gatnawlaryň tertibinde görkezilýär.
Mundan başga-da, şol ýerde şu ýylyň 29-njy dekabryna çenli her hepdäniň ýekşenbe gününde Aşgabat — Deli gatnawynyň amala aşyrylýandygy ýolagçylara ýetirilýär.
Bu gatnawlar ýolagçylar üçin döredilýän şertleri kämilleşdirmek ugrundäki ädimleriň netijesidir.

