Täzelenen «Nissan Pathfinder 2026» hödürlendi: 3,5 litrlik V6 hem-de 9 geçirijili «awtomat»

MilliInfo

14 Noýabr, 2025

«Nissan» ABŞ-daky model hataryny giň gerimde döwrebaplaşdyrmagy dowam edýär. «Kicks», «Murano», «Leaf» we «Sentra» nusgalarynyň täzelenmeginden soň, nobat markanyň iň meşhur üç hatar oturgyçly ulagyna — «Pathfinder» modeline geldi.

«Pathfinder 2026» daşyndan üýtgemedi diýen ýaly — täzelemeleri, esasan, öňki bölekdäki üýtgeşmelerden görmek bolýar. Radiator gözenekleri has giňedi, indi onuň daşynda kümüşsöw germew ýok, öýjükler bolsa öňküsinden ownuk. Reňkleriniň toplumyna täze «Baltic Teal» atly äheň goşuldy. Şeýle hem «Platinum» atly ýokary derejeli görnüşde indi 20 dýuýmlyk teker diskleri elýeterlidir.

Esasy täzelikler salon bilen bagly. Ähli görnüşler indi 12,3 dýuýmlyk sensor ekran bilen enjamlaşdyryldy. Ol «Apple CarPlay» we «Android Auto» geçirijisiz mümkinçilikleri goldaýar. «SL» we «Platinum» toplamlarynda bolsa şol ölçegdäki sanly monitor paneli ýerleşdirilýär. Şeýle hem geçirijisiz energiýa beriş enjamy täzeden işlenip taýýarlanyldy: sowadyş ulgamy peýda boldy, kuwwatlylygy bolsa 15 Wt çenli ýokarlandyryldy.

«Pathfinder 2026» ýokary hilli «HD» çözgütli aýlawly kamera ulgamyny, şeýle hem ulagyň öňki böleginiň aşagyny monitorda görkezmäge mümkinçilik berýän «aýdyňlaşdyrylan kapot» (transparent hood) mümkinçiligini aldy.

Tehniki böleginde üýtgeşiklik ýok: öňküsi ýaly, 284 at güýjüne barabar kuwwaty bilen tapawutlanýan 3,5 litrlik V6 benzinli motor we 9 basgançakly awtomatiki geçiriş gutusy ulagyň mümkinçilikleiriniň üstüni ýetirýär. Ähli görnüşlerde hemme tigirleri hereket edýär, «Rock Creek» görnüşinde bolsa hereketiň ýedi wezipesi göz öňünde tutulýar — «Eco» mümkinçiliginden «Çäge» we «Palçyk» düzgünlerine çenli.

Bahalaryň entek yglan edilmändigi aýdylýar, ýöne täze modeliň häzirki «Pathfinder 2025-den» gymmat bolmajakdygy ýaňzydylýar. ABŞ-da onuň bahasy häzirki wagtda 37 895 dollardan başlanýar. «Nissan Pathfinder 2026-nyň» satuwy geljek ýylyň ýazynda başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo