TDLU-nyň talyby «Ýaş ylmy gözlegçi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Guwanç Merdanow

3 sagat öň

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň ýaşlarynyň arasynda «Ylmy ösüşiň strategik ugurlary we öňdebaryjy halkara tejribesi» mowzugynda geçirilen Özbegistan – Malaýziýa halkara ylmy–amaly maslahatynyň çäginde «Ýaş ylmy gözlegçi» halkara bäsleşigi guraldy.

Halkara bäsleşige öz ylmy makalasy bilen gatnaşan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Guwanç Merdanowyň üstünligi türkmen ýaşlarynyň mümkinçilikleriniň halkara giňişliginde ykrar edilýändigini tassyklady. G.Merdanow abraýly bäsleşigiň ýeňijisi boldu. Şunlukda, ildeşimiz ýörite şahadatnama we bäsleşigiň medaly bilen sylaglanyldy.

Bu ýerde onuň ýolbaşçy mugallymy Gülnar Gulgeldiýewa hem Hormat haty gowşuryldy.

Biz türkmen talybyny bu ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info