21 — 26-njy sentýabr aralygynda «2025-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýen ada mynasyp bolan Aktau şäherinde TÜRKSOÝ-yň III Halkara teatr festiwaly geçirilýär. Mangistau oblastynyň N.Žanturin adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Wengriýadan, Türkmenistandan we Gazagystandan gelen dokuz teatr toparynyň iň gowy sahna oýunlary görkeziler.
Bu döredijilik forumynda Türkmenistana 26-njy sentýabrda görkeziljek «Baýram han türkmen» pýesasy bilen Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry wekilçilik edýär.
Festiwalyň baş nyşany hökmünde ýöne bir bedew däl, eýsem türki halklarynyň agzybirligini, ruhuny we umumy taryhyny alamatlandyrýan «Suyn aýgyryň» şekili saýlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Mangistau welaýatynyň N.Žanturin adyndaky sazly-drama teatrynyň artistleri festiwaly dabaraly ýagdaýda «Suyn aýgyr – halkyň ruhy aýnasy» atly sahna oýny bilen açdylar.
Festiwalyň iň gowy gatnaşyjylaryny kesgitlejek eminler toparyna Azerbeýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkiýeden hem-de Türkmenistandan tejribeli režissýorlar, dramaturglar we teatr tankytçylary girýär.
Bu ýerde gatnaşyjy taraplaryň çykyşlaryndan başga-da, baý iş hem-de bilim maksatnamasy hödürlenýär.
Çykyşlara giriş hemmeler üçin mugt, ýöne öňünden hasaba aldyrmak hökmandyr.
Onuň açylyş dabarasynyň geçirilen zaly doganlyk türki halkarynyň teatr sungatyna uly sarpa goýýan wekillerinden doly boldy.

