Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň teatrlarynda täze teatr möwsümi açylar. Paýtagtymyzyň sahnalary tomaşaçylary taryhy oýunlara çagyrýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry «Şükür bagşy» spektaklyny hödürlär.
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry «Pursat» spektaklyny görkezer.
Mollanepes adyndaky Talyplar teatry möwsüme «Ene Sargydy» atly spektakly bilen başlar.
Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry «Мать» atly sahnasy bilen möwsümi açar.
Türkmen döwlet gurjak teatry özüniň kiçijek muşdaklaryny «Mährem ene» spektakly bilen garşylar.
Spektakllaryň görkezilişi 1-nji sentýabrda sagat 19:00-da guralar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň teatrlarynyň döredijilik toparlary hem täze möwsüme ýokary derejede taýýarlandylar.
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry «Baýram han türkmen» spektaklynyň täze nusgasynyň üstünde işleýär. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatry «Şyrak» spektaklynyň ilkinji görkezilişine taýýarlanýar.

