«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2015-2025-njy ýyllar aralygynda «Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy» hem-de «Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak» hünärleri boýunça ýokary we orta-hünär okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlan hünärmenlerini öz kärleri boýunça işlemek üçin çagyrýar.
Bu wezipe üçin esasy talaplaryň biri hem iş ornuna dalaşgärleriň Aşgabat şäherinde ýazgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna hem rugsat berilýär) talap edilýär. Erkekleriň harby şahadatnamasynyň bolmagy möhümdir.
Mundan başga-da, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasynyň bolmagy, daşary döwletleriň ýokary ýa-da orta-hünär okuw mekdeplerini tamamlan şahslaryň ýokary bilim baradaky resminamalarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen tertipde ykrar edilendigi hakyndaky şahadatnamasynyň bolmagy zerurdyr
Ähli soraglar boýunça habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99312-23-47-88; +99365-72-58-43
Salgysy:
Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti