Tehnologiýalar we maýa goýumlar: «IFT 2026» — işewürligiň geljegini kemala getirýän forum

MilliInfo

18-nji martda Aşgabat halkara işewürliginiň merkezine öwrüler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum (IFT 2026) geçiriler. Forum işewürleriň, maýadarlaryň hem-de maliýe institutlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «TMT Consulting Group» bilen hyzmatdaşlygynda guralýar hem-de hususy pudagy ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, şeýle hem halkara maýa goýum we işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.

Hususy pudagy ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we maýa goýumlary çekmek Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan ykdysady syýasatynyň çäklerinde yzygiderli durmuşa geçirilýär we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «IFT 2026» forumynyň geçirilmegi ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň strategik maksatlaryna laýyk gelýär.

Işewürler we maýadarlar üçin mümkinçilikleriň meýdançasy

«IFT 2026» maýa goýum pikirleriniň anyk taslamalara we hyzmatdaşlyklara öwrülýän amaly ugurly meýdança hökmünde döredildi. Forum durnukly ösüşe we täze bazarlara çykmaga gyzyklanma bildirýän telekeçileri, maýadarlary hem-de işewür toparlaryň wekillerini birleşdirer.

Forumyň taýýarlyk işleriniň çäklerinde gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy dowam edýär. Bu bolsa kompaniýalara öňünden gatnaşygyny tassyklamaga, maýa goýum tekliplerini hödürlemäge, gepleşikleri meýilleşdirmäge we iş duşuşyklarynyň şahsy tertibini düzmäge mümkinçilik berýär. Şeýle çemeleşme »IFT 2026» forumyna gatnaşmagy has hem netijeli edýär.

Forumyň çäklerinde senagat önümçiligi, oba hojalygy we agro-telekeçiligi, logistika, sanly çözgütler hem-de innowasion taslamalar ýaly ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky maýa goýum mümkinçiliklerine aýratyn üns berler. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň hususy pudagynyň giň mümkinçiliklere eýedigini görkezýär.

«IFT» forumynyň üstünlikli tejribesiniň dowam etdirilmegi

«IFT 2026» ilkinji gezek 2025-nji ýylda geçirilen forumyň üstünlikli tejribesini dowam etdirýär. «IFT 2025» forumynyň netijeleri Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine halkara işewür jemgyýetiniň uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi: çärä dünýäniň 25 ýurdundan 500-den gowrak wekiliýet, 400-den gowrak kompaniýa gatnaşdy, hyzmatdaşlyk boýunça 21 sany Ähtnama gol çekildi hem-de B2B we B2G görnüşlerinde 187 iş duşuşygy geçirildi. Bu netijeler 2026-njy ýylda forumyň has giňeldilen we amaly ugra gönükdirilen görnüşde geçirilmegine berk esas döretdi.

Halkara hyzmatdaşlyk we amaly netijeler

2026-njy ýylda forum anyk işewür netijeleri gazanmaga gönükdiriler. Gatnaşyjylara şu mümkinçilikler hödürlener:

  • — maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen göni gepleşikler;

  • — maýa goýum taslamalarynyň we startaplaryň tanyşdyrylyşy;

  • — iş duşuşyklary we maslahatlar;

  • — halkara bazarlara çykmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri.

«IFT 2026» türkmen telekeçileri üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlary çärä çagyrmaga hem amatly mümkinçilik döreder. Forumyň gatnaşyjylary üçin ähli guramaçylyk we maslahat hyzmatlary üpjün ediler.

Hususy pudagyň halkara sergisi bilen utgaşyklylygy

«IFT 2026» forumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek türkmen hususy pudagynyň gazananlarynyň halkara sergisi bilen utgaşykly geçiriler. Sergi 2026-njy ýylyň 17–19-njy marty aralygynda geçiriler we gatnaşyjylara ýurduň hususy pudagynyň mümkinçilikleri hem-de gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

Gatnaşmaga çakylyk

«IFT 2026» diňe bir işewür çäre bolman, eýsem, ykdysadyýetiň geljegini emele getirýän pikirleriň, maýa goýumlaryň we hyzmatdaşlyklaryň duşuşýan nokadydyr. Foruma gatnaşmak telekeçiligi ösdürmek, halkara gatnaşyklary ýola goýmak we hakyky taslamalara maýa goýum çekmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy dowam edýär, ýerleriň sany bolsa çäklidir.

«IFT 2026» — bu bähbitli garaýyşlaryň iş ýüzünegeçirilýän meýdançasydyr. Forum maýany we tejribänibirleşdirip, strategik maýa goýumlarynyhöweslendirýär hem-de Türkmenistanyň ykdysadyösüşi üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info