Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini Gurultaýyň ilkinji saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

MilliInfo

26 Awgust, 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini Gurultaýyň ilkinji saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka — Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi.

«Bu saýlawlaryň netijelerine Gazagystanyň halkynyň paýhasly çözgüdi we erk-islegi, Siziň şahsy syýasy ýeňşiňiz hem-de Siziň ýolbaşçylygyňyzda döwletiň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik durmuşynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesi hökmünde garaýarys» diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de gazak halkynyň gadymy, baý taryhy mirasyna, medeni-ruhy gymmatlyklaryna esaslanyp, doganlyk ýurduň mundan beýläk-de döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň goldawyna hem-de Milli Liderimiziň Gazagystan üçin taryhy waka — parlament saýlawlaryna şahsy ünsüne ýokary baha berýändigini belledi. Gazagystanyň döwlet Baştutany hormatly Arkadagymyzyň gutlaglarynyň iki doganlyk halkyň arasyndaky hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasydygyny nygtap, saýlawlara gatnaşan türkmenistanly synçylara aýratyn hoşallyk bildirdi. Hususan-da, türkmen synçylarynyň Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň saýlawlaryna taýýarlyk döwründe we saýlawlar geçirilende netijeli işländikleri, saýlawlaryň netijelerine milli kanunçylygyň ähli kadalaryna we halkara standartlara laýyklykda dürs baha berendikleri bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info