Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

MilliInfo
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary, hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki wagtda iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

«Şeýle şanly günde üstünlikler, gowy netijeler, asylly başlangyçlar we meýilnamalar barada gürrüň edilýär. Bularyň hemmesi Sizde bar» diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň öz netijelerini berýändigini, özbek jemgyýetiniň, ýurduň her bir raýatynyň durmuşyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygyny, doganlyk özbek halkynyň ägirt uly ruhy-medeni, maddy kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu gün goňşy Özbegistan Respublikasynyň ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösýändigini, bu ösüşiň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmelerde, onuň halkara giňişlikdäki ýokary abraýynyň artmagynda, täze ykdysady ulgamyň kemala gelmeginde, ilat üçin zerur bolan iň amatly durmuş şertleriniň döredilmeginde öz beýanyny tapýandygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň halkara giňişlikdäki özara hyzmatdaşlygy barada nygtady we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyna, Birleşen Milletler Guramasyndaky, beýleki abraýly düzümlerdäki başlangyçlaryna berýän üýtgewsiz goldawy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlaryny resmi taýdan neşir eder we BMG-ä agza ähli döwletlere iberer. Bu resminamada beýan edilen gün tertibindäki möhüm halkara meseleler boýunça ýurdumyzyň çemeleşmeleri köp babatda Özbegistanyň häzirki ählumumy gün tertibinde duran meseleleri çözmäge bolan garaýyşlary bilen gabat gelýär ýa-da meňzeşdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz ýurtlarymyzyň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny özara goldajakdyklaryna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet wezipesinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info