Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistanyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

MilliInfo

21 Mart, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy, şeýle hem iki halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini hem-de dostluga, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň salamyny hem-de Oraza baýramy we Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, şeýle hem öz adyndan dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasy bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar we yzygiderli ösdürilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.

Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary doly goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif birek-birege berk jan saglyk we döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info