Hytaýda pişikler we itler üçin ýörite teleýaýlym işe girizildi

MilliInfo

2 sagat öň

Hytaýyň tehnologiýa kompaniýalarynyň biri itler we pişikler üçin niýetlenen täze onlaýn telekanalyny işe girizdi. Hünärmenleriň bellemegine görä, haýwanlar üçin ýörite uýgunlaşdyrylan gepleşiklere we wideolara tomaşa etmek olaryň özüni alyp barşyna we nerw ulgamyna oňyn täsir edýär.

«WeChat» sosial ulgamyndaky resmi habarda bu täze hyzmat: «Siziň itleriňiz we pişikleriňiz üçin ýörite döredilen, gije-gündizleýin bagt merkezi» diýlip atlandyrylýar.

Bu hyzmat mart aýynyň ahyryndan elýeterli boldy. Onuň aýlyk tölegi 25 ýuan (takmynan 4 dollar) möçberindedir. Teleýaýlymyň maglumat toplumlarynda dürli tohumly itler, şol sanda mopslar we labradorlar üçin hem aýratyn wideolar toplanypdyr.

Itleriň we pişiklerin duýgy agzalarynyň ynsanlaryňkydan tapawutlanýandygy sebäpli, kanalyň reňk öwüşginleri, şekilleriň täzelenme ýygylygy we ses tolkunlary haýwanlaryň özboluşly zerurlyklaryna görä ýörite işlenip düzüldi.

Dört aýakly tomaşaçylaryň häsiýetine görä saýlaw:
Wideolaryň şekilleri we sesleri öý haýwanlarynyň häsiýetine görä üýtgeýär:

  • Asuda düzgün: Biynjalyk bolýan we gorkak haýwanlar üçin ýakymly peýzažlar we ýuwaş sazlaryň utgaşmasy hödürlenýär.

  • Güýmenje formaty: Haýwanlaryň beýni işjeňligini artdyrmak we olaryň ýürekgysmasynyň öňüni almak üçin has janly gepleşikleri hödürleýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info