Soňky ýyllarda türkmen telekeçi bagbanlary badam agajyny ösdürip ýetişdirmek we ondan hasyl almak ugrunda uly üstünlikleri gazanýarlar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada badam önümçiligi boýunça täze ösüş depgini bellige alynýar we bu netijede türkmen bagbanlarynyň hem mynasyp orny bar. Ýurdumyzyň howa şertleriniň bu ekin üçin amatly bolmagy hem-de döwrebap bagbançylyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde badam önümçiligi täze ösüş tapgyryna çykýar.
Badam agajy yssy hem sowuk howa şertlerine çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de ol uzak ömürli bolup, talabalaýyk ideg edilende 60 ýyldan 100 ýyla çenli hasyl berip bilýär. Bu bolsa bagbançylyk bilen meşgullanýan telekeçiler üçin uzak möhletli we durnukly girdeji çeşmesini döredýär. Şonuň üçin hem, dünýäniň köp ýurtlarynda badam «geljegiň bagy» diýlip atlandyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda, esasan hem, badamyň ýokary hasylly ispan sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Bu sortlaryň ýokary hasyllylygy, gurak howa şertlerine uýgunlaşmagy hem-de bazarda uly islegden peýdalanmagy olaryň giňden ýaýramagyna mümkinçilik berýär. Baglary suwarmakda bolsa damjalaýyn suwaryş usulynyň ulanylmagy suwuň tygşytly peýdalanylmagyny üpjün edýär. Şeýle usul diňe bir suw tygşytlamakda däl, eýsem, her bir agaja zerur bolan çyglylygyň deň derejede ýetirilmegini üpjün etmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa hasylyň hiline we mukdaryna oňyn täsir edýär.
Türkmenistanyň telekeçi bagbanlarynyň arasynda bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan taraplaryň biri-de «Keremli gala» hususy kärhanasynyň direktory, telekeçi bagban Nurýagdy Pirliýew bolup, ol badam, pisse agaçlary şeýle hem şetdaly, armyt, alma ýaly miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmekde tejribeli hünärmenleriň biri hökmünde tanalýar. Nurýagdy Pirliýew diňe bir bag ekmek bilen çäklenmän, eýsem dürli agaç sortlaryny sapmak arkaly ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine has laýyk gelýän täze sortlary döretmek ugrunda hem netijeli işleri alyp barýar.
Ençeme ýyllyk tejribä esaslanyp, dürli miweli baglardan ýylyň dürli pasyllarynda hasyl almak usullarynyň üstünde üstünlikli işleri alyp barýan telekeçi bagban häzirki wagtda bu ugurda beýleki bagbanlara-da maslahat we amaly goldaw berýär. Onuň bellemegine görä, dogry saýlanyp alnan sortlar, damjalaýyn suwaryş ulgamy, wagtynda edilýän ideg işleri we ylmy esasly bagbançylyk usullary ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridir. Şol sebäpli hem, Nurýagdy Pirliýew diňe bir öz baglarynda ýokary netijeleri gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, beýleki telekeçi bagbanlaryň hem bol hasyl almagyna ýardam berýär.
Häzirki wagtda onuň alyp barýan işleri ýurdumyzda döwrebap bagbançylygyň ösmegine, täze miweli baglaryň döredilmegine hem-de oba hojalyk önümçiliginiň artmagyna möhüm goşantdyr.
