Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyzlygynyň 34 ýyllyk şanly toýunyň bellenen gününde — 27-nji sentýabrda sagat 18:00-da «Telwas» koworkingde etniki aýdym-sazyň täze nesli bolan «Neowave Band» janly ses topary bilen ýörite döredijilik agşamy geçirildi. Döredijilik agşamy janly sesde ýaňlanan owazlaryň gaýtalanmajak sazlaşygyny döretdi. Bu bolsa çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet bagyşlady.
«Telwas» koworkingde geçirijilen döredijilik agşamyny beýleki çärelerden ýa-da konsertlerden tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň az däldigini bellemek gerek:
Döwrebaplaşdyrylan gadymy türkmen halk aýdymlary
Häzirki zaman etniki kompozisiýalary
Daşary ýurt aýdymçylarynyň kowerleri
Myhmanlar bilen söhbetdeşlik
Zehinli artistleriň tomaşaçylary gyzyklandyrýan sowallara jogaplary
Milli däp-dessurlarymyzy döwrebaplyk bilen utgaşdyrýan atmosfera
Garaz, döredijilik duşuşygy ýatdan çykmajak täsirlere beslendi.
«Telwas» koworkingde şeýle täsirli çäreleriň yzygiderli guralýandygyny ýatlatmak isleýäris. Olardan wagtynda habarly bolmak üçin bolsa ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýän merkez bilen aragatnaşykda bolmak artykmaçlyk etmez.
Ylham beriji pursatlardan lezzet almak we janly sesdäki aýdym-sazlary diňlemek isleseňiz, onda «Telwasdan» daşlaşmaň!

