Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işlere seredildi

MilliInfo
Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işlere seredildi

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda pagta ýygymy dowam edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Şeýle hem welaýatlarda bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde degişli ideg işleri geçirilýär.

Şeýle hem häkimler welaýatlarda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we awtoulaglaryň netijeli işledilmegi üçin zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek boýunça işler dowam edýär.

Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri soňky tapgyrda dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegiň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlere laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde, netijeli işletmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny wagtynda tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info