Tennis boýunça paýtagtymyzyň çempionlary kesgitlendi

MilliInfo

18 Mart, 2026

Tennis boýunça paýtagtymyzyň çempionlary kesgitlendi

«Aşgabat» köpugurly stadionynyň açyk kortunda tennis boýunça paýtagtymyzyň çempionaty geçirildi. Dartgynly geçen ýaryş Aşgabat şäherinden iň zehinli tennisçileriň 100-den gowragyny jemledi.

Erkekleriň ýaryşynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň okuwçysy hem-de «Jahan» döredijilik merkeziniň tennisçisi Selim Çagylow ýeňiş gazandy. Ol tejribeli tälimçi Jennet Hallyýewanyň şägirdidir. Ikinji orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Allanur Daýanjow eýelese, öňdäki üçlügi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Merdan Hanow jemledi.

Çekeleşikli geçen gyzlaryň ýaryşynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 11-nji sport mekdebiniň okuwçysy Ilima Guseýnowa garşydaşlarynyň ählisinden rüstem çykdy we paýtagtymyzyň çempiony boldy. Oňa Uma Hummetowanyň tälim berýär. Paýtagtymyzdaky 10-njy sport mekdebiň okuwçysy hem-de «Jahan» döredijilik merkeziniň tennisçisi Aýlar Kakabaýewa ikinji ýere eýe çykdy. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-nji sport mekdebiniň okuwçysy hem-de «Jahan» döredijilik merkeziniň tennisçisi Anna Polýatowa bolsa üçünji orny eýelemegi başardy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info