Kolomboda (Şri-Lanka) tamamlanan 16 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy 15 toparyň arasynda dördünji orny eýeledi.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Süleýman Hudaýberdiýew, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aly Geldiýew we A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew çykyş etdiler.
Birinji tapgyrda watandaşlarymiz «B» toparçadada birinji orny eýelediler. Olar Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler, şeýle hem Mýanmanyň we Singapuryň ýygyndylaryndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. Çärýek finalda bolsa türkmen ýetginjekleri Filippinleri 2:0 hasabynda ýeňdiler.
Ýarym finalda bolsa ildeşlerimiz Wýetnamyň ýygyndysyna garşy mynasyp bäsleşdiler. Iki sagada golaý dowam eden ýekeleýin duşuşyklarda wýetnamlylar 2:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Beýleki ýarym finalda Malaýziýa 2:0 hasabynda ýer eýesini — Şri-Lankany ýeňdi. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda bolsa Şri-Lanka diňe jübütleýin oýunda uly tagalla bilen Türkmenistanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utdy.
Türkmen tennisçileri bu ýaryşa şahsy tälimçileriniň we ýygyndy toparyň kapitany Gurbanberdi Gurbanberdiýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar.