Şweýsariýaly tennisçi Belinda Bençiç 2025-nji ýylyň dowamynda WTA-nyň reýtinginde 902 basgançak öňe süýşmegi başardy. Ýyly 913-nji orunda başlan Belinda Bençiç dekabr aýynda 11-nji orna geçdi. Bençiçiň bu öňegidişligi onuň şu ýyl Abu-Dabidäki we Tokiodaky abraýly ýaryşlarda ýeňiş gazanmagy, «Uimbldon» «Uly tuwulgasynda» ýarym finala çykmagy bilen baglydyr.
Şeýlelikde, Belinda 2025-nji ýylda WTA-nyň reýtinginde iň uly «böküş» eden türgen boldy. Mundan başga-da, şu ýylda ornuny ýüzlerçe basgançak gowulandyran tennisçileriň hatarynda Keti Maknelliniň (817-nji orundan 81-nji orna), Janist Teniň (578-nji orundan 53-nji orna), Kaýa Juwanyň (599-njy orundan 98-nji orna), Juliýa Graberiň (523-nji orundan 92-nji orna), Wiktoriýa Mbokonyň (350-nji orundan 18-nji orna) we Tereza Walentowanyň (261-nji orundan 56-njy orna) ady bar.
