Indi biz Ronalduny serialda göreris

MilliInfo

3 sagat öň

Indi biz Ronalduny serialda göreris

Kriştianu Ronaldu diňe bir futbol meýdançasyny däl, eýsem, kino muşdaklaryny hem haýran galdyrmaga taýýarlanýar.

41 ýaşly portugaliýaly ýyldyz ilkinji gezek uly futbolyň meýdanda görünmeýän («sahna arkasyndaky») wakalaryna bagyşlanan «Day 1s» atly çeper seriala düşer. Şunda Ronaldu diňe bir şekillerde peýda bolmak bilen çäklenmän, eýsem, taslamanyň ýerine ýetiriji prodýuseri hökmünde hem çykyş eder.

Wakalaryň merkezinde belli futbol agentiniň taryhy durýar. Bu taslamada Ronaldu bilen bilelikde fransuz futbolynyň rowaýata öwrülen ýyldyzy Týerri Anri hem peýda bolar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, surata düşüriliş işleriniň ilkinji tapgyry häzirki wagtda Londonda, «Barnet» klubunyň stadionynda geçirilýär. Filmiň düşürmesi bilen bagly işleri bolsa Kriştianu Ronaldunyň režissýor Mettýu Won bilen bilelikde döreden «UR•Marv Studios» studiýasy meşgullanýar. Ronaldunyň özüni janlandyrjakdygy, oýlap tapylan gahrymanyň keşbini ýerine ýetirjekdigi ýa-da diňe gysga epizodda görünjekdigi indi belli bolar.

Bu Ronaldunyňkaryerasynyň täze tapgyrydyr. Onýyllyklaryň dowamynda goýan futbol rekordlaryndan soň, ol özüniň media taslamalaryny has işjeň ösdürýär we «Day 1s» onuň çeper kino älemindäki ilkinji uly ädimi bolup biler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info