Ýük dolanşygynyň möçberini artdyrmak we düýpli abatlaýşa degişli bolan teplowozlary abatlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň lokomotiw öndüriji zawodynyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşyldy.
Baglaşylan şertnama laýyklykda, 20 (ýigrimi) sany ýük teplowozlar öndüriji zawod şertlerinde Hytaýda düýpli abatlanyldy we häzirki wagtda olaryň ählisi ýurdumyza getirildi. Bu ýük teplowozlary işe girizilip, üstaşyr, eksport, import ýüklerini daşamakda ulanylýar. Bu barada «railway.gov.tm» habar berdi.
Teplowozlarda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi olaryň hereketiniň we çekijilik kuwwatynyň artmagyna hem-de iş öndürijiligiň ýokarlandyrylmagyna itergi berdi.
Hytaýda düýpli abatlaýyş işleri geçirilen teplowozlarda döwrebap we häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylnagy bilen, olarda ýükleriň uly möçberde we uzak aralyklara daşalmagyna uly mümkiçilikleri döretdi.