«Tesla» — «Samsung»: Mask çip üpjünçiligi boýunça 16,5 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

MilliInfo

10 Awgust, 2025

Ilon Mask «Teslanyň» «Samsung Electronics» kompaniýasy bilen ýarymgeçirijileriň üpjünçiligi boýunça umumy bahasy 16,5 milliard amerikan dollaryna deň bolan uzak möhletleýin ylalaşyga gol çekendigini tassyklady. Bu barada Koreýa Respublikasynyň kompaniýasynyň resminamalaryna we Maskyň X sosial ulgamyndaky beýanatyna salgylanýan «CNBC» teleýaýlymy habar berdi.

Ylalaşygyň iň ähmiýetli bölekleri:

  • Ylalaşyk 2025-nji ýylyň 26-njy iýulynda güýje girdi we 2033-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanar.

  • «Samsung» degişli hasabatlarynda hyzmatdaşynyň adyny görkezmedi, Mask bolsa bu ýerde gürrüňiň «Tesla» barada gidýändigini aç-açan tassyklady.

  • «CNBC-niň» habaryna görä, täze ylalaşyk «Tesla» awtoulaglarynda ulanyljak emeli aň ulgamlary üçin niýetlenen çipleriň üpjünçiligine degişli.

Mask X sosial ulgamyndaky beýanatynda «Samsungyň» Tehasdaky zawodynyň «Tesla AI6-nyň» täze nesliniň çiplerini öndürjekdigini, häzirki wagtda çykarylýan AI4 nusgalaryň bolsa «Samsung» tarapyndan öndürilýändigini ýazdy. «AI5» nusgasyny işläp dümek hem tamamlandy we ol ilki bilen Taýwanda, soňra bolsa Arizonada «TSMC» kompaniýasy tarapyndan öndüriler.

«Samsung» «Teslanyň» önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak işine gatnaşmagyna rugsat berdi. Bu örän möhüm mesele bolup, meniň özüm bu progresi tizleşdirmäge işjeň gatnaşaryn» — diýip, Mask belledi.

Şeýle hem ol ylalaşygyň hakyky bahasynyň häzirki wagtda ylalaşylan nyrhyndan — 16,5 milliard dollardan hem ýokary bolup biljekdigini aýtdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo