Ýokary liganyň 18-nji tapgyrynyň netijeleri: Didar Durdyýew iň köp golçularyň sanawynda öňdeligi eýeleýär

MilliInfo

20 Awgust, 2025

Sişenbe güni Türkmenistanyň çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň 3 duşuşygy geçirilip, ol futbol janköýerlerinde ýakymly täsirleri galdyrdy.

 «Arkadag» topary myhmançylykda «Şagadamy» 4:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu oýunda toparyň hüjümçisi Didar Durdyýew iki gol geçirip, dubla eýe boldy.

Beýleki duşuşykda bolsa «Aşgabat» myhmançylykda «Köpetdagyň» garşysyna çykdy. Duşuşykda paýtagtymyzyň adybir toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly Begmyrat Baýow geçirdi.

Oýun gününiň soňky duşuşygynda bolsa «Nebitçi» bilen «Merw» duşuşdy. Onda Serdar Tukiýewiň 3-nji minutda geçiren ýeke-täk goly «Nebitçä» ýeňiş getirdi.

Şunlukda, iň netijeli oýunçylaryň sanawynda «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew 18 gol bilen öňdeligi saklaýar. Onuň topardaşy Begenç Akmämmedow bolsa 17 gol bilen ikinji orunda ýerleşýär.

18-nji tapgyryň netijeleri:

19.08.2025 (sişenbe)

  •  «Şagadam» – «ARKADAG» –  1:4

Gollar: 86 Mekan Aşyrow («Şagadam») – 42 Mekan Saparow, 45+1, 46 Didar Durdyýew, 45+3 Begenç Akmämmedow («Arkadag»)

  • «Köpetdag» – «Aşgabat»  –  0:1

Gol: 62 Begmyrat Baýow («Aşgabat»)

  • «Nebitçi» – «Merw»  –  1:0 

Gol: 3 Serdar Tukiýew («Nebitçi»).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo