Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Arkadag» kluby öz meýdançasynda «Köpetdagy» ynamly ýeňdi — 5:0.
Hasap oýnuň 14-nji minutynda açyldy — ýer eýeleriniň hüjümçisi Şamämmet Hydyrow tapawutlandy. Duşuşygyň esasy gahrymany bolsa poker etmegi başaran, ýagny dört gol geçiren hüjümçi Didar Durdyýew boldy. Ol 18-nji, 20-nji, 28-nji hem-de birinji ýarymyň goşmaça wagtynda — 45+1-nji minutda tapawutlandy.
Bu uly hasaply ýeňşiň netijesinde «Arkadag» kluby 48 utuk bilen çempionatyň umumy ýaryş tertibinda öňdeligi eýelemegi dowam edýär. «Köpetdag» bolsa 15 tapgyrdan soň bary-ýogy 5 utuk toplap, ýaryş tertibiniň iň aşaky basgançagynda galýar.
Tapgyryň ýene bir duşuşygynda «Şagadam» öz meýdançasynda «Merwi» 1:0 hasaby bilen ýeňdi. Oýundaky ýeke-täk goly 58-nji minutda Mekan Aşyrow geçirip, ol toparyna gymmatly 3 utugy getirdi. Häzirki wagtda «Şagadam» 28 utuk bilen üçünji orunda, «Merw» 9 utuk bilen ýedinji basgançakda ýerleşýär.

