FIFA Türkmenistanda höwesjeňler futboluny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

MilliInfo

23 Ýanwar, 2026

Şu gün — 23-nji ýanwarda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda FIFA-nyň höwesjeňler futboly boýunça hünärmeni, gruziýaly Gaioz Darsadze hem-de FIFA-nyň litwaly hünärmeni Raimondas Statkewiçius Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş seriṣdeleriniň we dürli pudaklaryň wekilleri bilen iş maslahatyny geçirdiler.

Iş maslahatyň dowamynda Türkmenistanda höwesjeňler futboluny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy, bu ugurda alnyp barylýan işler hem-de geljekde durmuşa geçirilmeli meýilnamalar boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Dabaranyň başynda görkezilen 2025-nji ýylda ýurdumyzda futbol boýunça gazanylan üstünliklere bagyṣlanan wideorolik hem-de FIFA-nyň dürli ýurtlarda ýetilen sepgitlere degişli şekilleri aýratyn täsirli boldy.

Tejribeli daşary ýurt hünärmenleri bilen ara alnyp maşlahatlaşylan temalaryň biri hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde höwesjeňler futbolyny ösdürmegiň netijeli usullary, köpçülikleýin futbol çärelerini guramak, şeýle-de bu ugurda halkara tejribäni ulanmagyň mümkinçilikleri boldy.

Pikir alyşmalaryň esasynda höwesjeňler futbolyny ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlar seljerildi, degişli ugurlar boýunça teklipler beýan edildi hem-de olaryň durmuşa geçirilmeginiň ýollary kesgitlenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info