Hytaýyň Tianjin şäherinde sportuň uşu görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri uly üstanlige eýe boldular. Ildeşlerimiz ýaryşyň 7 medalyna eýe çykdylar. Dünýäniň 78 ýurdundan 1180 türgen gatnaşan bu iri halkara ýaryş ýaş türgenleriň ukyplaryny görkezmek, olaryň tejribesini baýlaşdyrmak hem-de güýç synanyşmak üçin giň mümkinçilik döretdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ýaryşyň jemleri boýunça türkmen türgenleri kümüş medallaryň 3-sini, bürünç medallaryň bolsa 4-sini gazanmagy başardylar. Ýiti häsiýetde geçen tutluşyklaryň netijesinde, uşuwyň sanda görnüşi boýunça 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýlar Süleýmanowa, 70 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sanjar Artykow, 56 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Sähetmyrat Ýagmyrow dagy üstünlikli çykyş edip, kümüş medallary gazandy.
Bürünç medala mynasyp bolanlaryň hatarynda hem ýaş türkmen türgenleriniň birnäçesi tapawutlandy. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 117-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Aly Baýramow 42 kilograma çenli, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Berdimuhammet Berdiýew 45 kilograma çenli, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Myrat Nazarow 75 kilograma çenli, şeýle hem Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gudrat Öwezgeldiýew 80 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.
Biz ýetginjek türgenlerimizi Tianjin şäherinde geçirilen dünýä çempionatyndaky üstünlikli çykyşlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.