2026-njy ýylyň 1-2-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň çäklerinde 40-dan gowrak ýurtdan 200-den hem köp daşary ýurt kompaniýalary bir ýere jemlener. Bu çäre türkmen telekeçileri üçin ýylyň iň uly mümkinçilikleriniň birine öwrüler. Iki günüň dowamynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda dünýäniň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen bir giňişlikdegepleşikleri geçirip bolar.
Forumyň möhüm artykmaçlygy islendik gatnaşyjy bilen duşuşyk üçin tötänleýin tanyşmaga garaşman, özbaşdak belläp bolýanlygydyr. Hasaba alnan her bir wekile gatnaşyjynyň şahsy otagy — «Attendee Hub» we «TIF 2026» ykjam telefon goşundysy elýeterli bolýar (iOS üçin: apps.apple.com/us/app/turkmen-congress/id6759779114, Android üçin: play.google.com/store/apps/details?id=com.turkmencongress.app). Goşundyda gatnaşyjylaryň sanawy bilen tanşyp, kompaniýalaryň işi barada maglumat alyp we olaryň wekillerini tapyp bolýar. Gyzyklandyrýan guramany saýlap, duşuşyk baradaky haýyşnamany ibermek ýeterlik bolýar, wagty we ýeri bolsa taraplar öz aralarynda ylalaşýarlar. Muny häzirden ýerine ýetirip bolýar. Şunuň bilen birlikde, forum başlamazdan öň işewür gepleşikleriň gutarnykly maksatnamasy peýda bolar.
Kimler bilen gepleşikler geçirip bolar?
Forumda Ýaponiýanyň işewür toparlary aýratynlykda giňdeň wekilçilik ediler. Olaryň hatarynda «Mitsubishi Corporation», «Mitsubishi Heavy Industries», «ITOCHU», «Sumitomo Corporation», «Kawasaki Heavy Industries» kompaniýalary we «Mizuho» banky bolar. Koreýadan «Samsung C&T» we «Daewoo Engineering», Germaniýadan bolsa «John Deere», «CLAAS», «WIRTGEN Group» we «Siemens Energy» ýaly kompaniýalar gatnaşar.
«Damen Shipyards» gämi gurluşygy boýunça çözgütlerini, «TotalEnergies», «Dragon Oil» we «ADNOC» nebit-gaz pudagyndaky tejribesini, «Toyota Central Asia» bolsa awtomobil ugruny hödürlär.
Maliýe pudagyna «Oppenheimer & Co» we «Moody's», hukuk boýunça «Fieldfisher», tehnologiýa ugruna bolsa «Canaan» we «Bitdeer» wekilçilik edýär.
Ösüş institutlary aýratyn bellenmäge mynasypdyr: Bütindünýä banky we Halkara maliýe korporasiýasy (IFC), Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky (ÝTÖB), Yslam Ösüş banky we Hytaýyň Eksport-import banky.
Forumda oba hojalyk pudagynyň wekillerinden «John Deere», «CLAAS» we «Jiangsu World» bilen tehnika we hyzmat, gurluşyk kompaniýalaryndan «Samsung C&T», «WIRTGEN», «Gap İnşaat» we «Rönesans» bilen potratçy we ýerinde iş alyp barmak, nebit we gaz pudagyndan bolsa «Siemens Energy», «MHI» we «Tatneft» bilen enjamlar we erginler boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyp bilerler. Logistika pudagynyň wekillerinden «Damen», «TAV" Technologies» we «Betamont», eksport amallaryny aşyrýanlar bolsa «Karavan» (Türkiýe), «AEEX» (Hytaý–ŞHG), Tatarystan Söwda öýi we «TABCA» (ABŞ) söwda platformalary gyzykly bolup biler.
Gatnaşyjylaryň sanawynda türkmen kompaniýalary hem mynasyp orun alýarlar. Olara «Hazar Gurluşyk», «Türkmen Enjam», «Aýdyň Gijeler», «Beýik Ýüpek Ýoly», «Watan Rowaçlygy», «Dowa», «Ak Harman», «Ýedi-Ýer», «Döwlet Gurluşyk», «Nexia Turkmenistan», «Hukukçy» we beýlekiler degişlidir.
Forumyň işewürlik maksatnamasy iki günüň dowamynda geçiriljek sekiz mowzuklaýyn sessiýany öz içine alýar. Olara şular degişlidir: nebit we gaz, himiýa, energetika hem-de gurluşyk, ulag we logistika, söwda we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, oba hojalyk işewürligi, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk, wirtual aktiwler, innowasiýalar hem-de «ýaşyl» özgertmeler.
Şonuň bilen birlikde, öňki forumlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, amaly netijeleriň saldamly bölegi diňe sessiýalaryň çäginde däl, eýsem, ýüzbe-ýüz duşuşyklaryň dowamynda hem gazanylýar. Şol sebäpli hem, gatnaşyjylara gepleşiklere öňünden taýýarlanmak maslahat berilýär. Olar öz kompaniýasy barada iňlis dilinde gysga beýanyny taýýarlamaly we her bir anyk söhbetdeşlikde gazanmak isleýän netijelerini takyk kesgitlemeli.
Forum baradaky giňişleýin maglumatlary onuň resmi web-sahypasyndan alyp bilersiňiz: tif-turkmenistan.com
