«TikTok» Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky aktiwlerini amerikan maýadarlaryna satýar

MilliInfo

Hytaýyň «TikTok» sosial tory Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky aktiwlerini amerikan maýadarlaryna satar. Bu barada «Axios» portaly habar berdi.

«TikTok» bilelikdäki kärhananyň amerikan maýadarlarynyň gözegçiligindäki amerikan aktiwlerini satmak boýunça şertnama gol çekdi» — diýlip, portalyň habarynda beýan edilýär.

Şertnamany resmileşdirmegiň gutarnykly möhleti 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwary bolar. Resminamanyň netijesinde Hytaýyň kärhanasynyň «TikTok» platformasynyň amerikan aktiwlerinden eýelik edýän 45 göterimi «Oracle», «Silver Lake» we «MGX» kompaniýalary tarapyndan esaslandyrylan konsorsiumyň ygtyýaryna geçer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info