19-njy awgustda Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň alymlaryny birleşdiren «Uly Altaý: türki mirasy – 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasy tamamlandy. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen, bu ekspedisiýa ilkinji gezek türkmen etnograflary — taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň doktoranty Aýna Baýmyradowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Toýly Hommyýew gatnaşdy.
On günüň dowamynda gözlegçiler kumandinleriň, çelkanlaryň, tubalaryň, altaýlylaryň we telengitleriň medeniýeti bilen tanyşdylar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, türkmen mirasy bilen köp sanly meňzeşlikler ýüze çykaryldy.
«Türkmenistandaky keçe basmak sungaty we nagyşlar Altaýdakylara örän meňzeýär. Biz ol ýerde özümizde «goçak» (dag goçunyň şahlarynyň şekili) diýlip atlandyrylýan nagşa duş geldik. Hut şu nagyş altaýlylarda-da bar» diýip, Aýna Baýmyradowa gürrüň berdi. Bu meňzeşlik hatda dilde we folklorda hem ýüze çykdy: «Kumandinlerde biziň dilimize meňzeş sözler gaty köp... Biziň aýdym-sazlarymyzyň, yrymlarymyzyň we däp-dessurlarymyzyň nähili ýakyndygy haýran galdyrýar».
Milli awçylyk däplerini öwrenýän Toýly Hommyýewde çelkanlaryň we tubalaryň medeniýeti aýratyn gyzyklanma döretdi:
«Maňa türkmenleriň we altaýlylaryň awçylyk däplerini deňeşdirmek örän gyzykly boldy. Olaryň medeniýetinde meňzeşlikleriň örän köpdügini belledim».
Ekspedisiýanyň netijesinde köp sanly fotosuratlar, söhbetdeşlikler we meýdan materiallary toplanyldy. Bu maglumatlar Altaý we türkmen halklarynyň mirasynyň umumy aýratynlyklaryny has çuňňur öwrenmäge ýardam eder.
