«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy agzalarynyň Türkmen-hytaý biznes-forumyna hem-de sergä gatnaşmagy üçin ýörite şertleri hödürleýär

MilliInfo

2 sagat öň

«Talwas Ýoly» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we «Oguz Forum & Expo» bölümi «Türkmen Logistika» Assosiasiýasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 28—30-njy apreli geçiriljek Türkmen-hytaý biznes-forumyna hem-de sergä taýýarlyk işleriniň başlanandygyny resmi taýdan yglan etdi.

«Talwas Ýoly» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we «Oguz Forum & Expo» forumyň hem-de serginiň resmi guramaçylary hökmünde çykyş etmek bilen, işewürlik maksatnamalaryny işläp düzmek, sergilik ekspozisiýalaryny guramak ýaly çäreleri öz içine alýan toplumlaýyn işleri durmuşa geçirerler. Bu toplum B2B we B2G formatyndaky duşuşyklary,şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň arasyndaky utgaşdyrmalary hem özünde jemlär.

Çäre möhüm aşakda görkezilen ugurlar boýunça halkara platforma bolar:

  • Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek;

  • logistika, ulag, eksport we import ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek;

  • iki ýurduň degişli ugurdaky kompaniýalarynyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak;

  • Türkmenistanyň eksport we maýa goýum kuwwatyny tanyşdyrmak.

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde onuň agzalary üçin sosial şertler göz öňünde tutuldy. Assosiasiýanyň agzalary 2026-njy ýyldaky Türkmen-hytaý işewürlik forumyna we sergisine gatnaşmak üçin 10% möçberinde arzanladyş alarlar. Bu başlangyç Türkmenistanyň logistika kompaniýalaryny goldamaga, olaryň halkara derejesindäki ornuny giňeltmäge hem-de ýurduň sebitiň esasy ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny berkitmäge gönükdirilendir.

Goşmaça maglumatlar üçin:

turkmenchina.com

Oguzforum.com

+99361480080

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info