Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti özara hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglaşdy.
Resminama TMDDI-niň rektory Maksat Çaryýew we MDU-nyň prorektory Iwan Aleşkowskiý gol çekdi. Gol çekmek dabarasy «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň we serginiň çäklerinde geçirildi.
Täze ylalaşyk akademiki mobilligi ösdürmegiň berk binýadyny goýýar: taraplar talyplaryň yzygiderli alyş-çalşygyny guramagy hem-de professor-mugallymlar düzümi üçin hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryny geçirmegi meýilleşdirýärler. Hususan-da, MDU türkmen mugallymlary üçin rus dili boýunça ugurdaş okuwlary guramagy göz öňünde tutýar, şeýle hem Türkmenistandan bolan talyplary, aspirantlary we ylmy barlagçylary okuwa kabul etmäge taýýardygyny mälim edýär.
Öz gezeginde, MDU-nyň prorektory uniwersitetiň Aziýa we Afrika ýurtlary institutynda türki dilleri öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň örän ýokarydygyny nygtap, ýola goýlan hyzmatdaşlygyň russiýaly talyplara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dil tejribeligini geçmäge mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.
