Top toruň üstünde: Ýurdumyzyň Talyplar woleýbol ligasy tamamlandy

MilliInfo

12 sagat öň

Golaýda erkekleriň hem-de gyzlaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Talyplar woleýbol ligasynyň netijeleri jemlendi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýaýbaňlandyrylan duşuşyklar diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy.

Erkekleriň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» topary ýeňşi hiç kime bermedi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» kluby ikinji bolsa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş» topary öňdäki üçlügi jemledi.

Talyp gyzlaryň arasyndaky ýaryşlar hem diýseň çekeleşikli geçdi. Şeýlelikde, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp gyzlaryndan düzülen «Maliýeçi» topary liganyň ýeňijisi bolmagy başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» topary ikinji orna eýe boldy. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp gyzlaryndan ybarat bolan «Ýüpek-ýol» topary çykdy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty hem-de Milli talyplar sport federasiýasy tarapyndan guralan Türkmenistanyň Talyplar woleýbol ligasynyň ilkinji gezek geçirilendigini ýatladýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info