Häzirki günlerde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň möhüm bölegini — Owganystanyň çägindäki 153 kilometrlik Serhetabat — Hyrat bölegini çekmek boýunça işler batly depginde dowam edýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazetiniň 23-nji fewraldaky sanynda habar berildi.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin mäkäm maddy-tehniki binýat döredildi, munuň özi gurluşyk işlerini Owganystanyň örän çylşyrymly daglyk ýerlerinde we alys künjeklerinde hem dowam etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň 153 kilometrinde, ýagny onuň tutuş dowamynda geodeziýa işleri tamamlandy, 100 kilometrden gowrak bölegi bolsa potratçy edaralara tabşyryldy. Şunda işleriň halkara ölçeglerini berjaý etmek bilen amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Zerur bolan taslama-çenlik resminamalary taýýarlanyldy, enjamlary we materiallary getirmek üçin halkara şertnamalary baglaşyldy. Taslama çözgütlerine laýyklykda, gurluşyk-gurnama işleriniň kybaplygyna gözegçilik etmek üçin geodeziki ölçegler geçirilýär.
Şertnamalaýyn borçnamalaryň çäklerinde Türkmenistana diametri 1 müň 400 millimetr bolan şarly bekleýji kranlar getirildi, diametri 1 müň 422 millimetr bolan turbalaryň getirilmegi dowam edýär, olaryň bir tapgyry häzir Poti portuna (Gruziýa) gelip ýetdi. Şol bir wagtda birleşdiriji, örtüji we kebşirleýji materiallar, barlaghana enjamlary we beýleki zerur serişdeler getirilýär. Önümçilik işleri üznüksiz ýagdaýda alnyp barylýar.
«Nebit-gaz» gazetinde hödürlenen habarda aýdylşy ýaly, iş depginlerini artdyrmak maksady bilen gaz geçirijiniň 12-nji kilometrinde wagtlaýyn ýaşaýyş şäherjigi guruldy. 86-njy kilometrde bolsa, ikinji toplumyň gurluşygy dowam edýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini göçürmek işleri amala aşyrylýar. Işleriň ýokary hilli bolmagy üçin diametri 1 müň 422 millimetr bolan turbalary kebşirlemäge ygtyýar berlen kebşirleýjiler hünär synagyndan geçirildi. «Türkmengaz» DK-nyň 217 hünärmeniniň hünär derejeleri tassyklanyldy, kebşirleýji-gurnaýjy toparlaryň 14-si döredildi.
Häzir turbalaryň ilkinji kilometrleri çekildi we kebşirlenildi, gurnama işleriniň nobatdaky tapgyry üçin ugurlar taýýarlanyldy. Garym gazmak, uly diametrli turbalary kebşirlemek we çekmek, kompressor beketlerini gurmak we gözegçilik ulgamlaryny gurnamak geçirilýän işleriň esasyny düzýär.
Gaz geçirijiniň owgan böleginde gözegçilik ýollarynyň gurluşygyna, daglyk ýerlerde turbalary garyma salmak üçin ýer-gazuw işleriniň geçirilmegine uly üns berilýär. Owgan böleginde kebşirleme-gurnama işleri 15,5 kilometr uzynlykda ýerine ýetirildi, garym gurnama boýunça işler bolsa, 13,4 kilometr uzynlykda amala aşyryldy. Çylşyrymly daglyk-gaýaly ýerlerde turbalary garyma salmak we tekizlemek işleri 13,1 kilometr uzynlykda ýerine ýetirildi. Gaz geçirijiniň geçýän ugruny tekizlemek boýunça işler 93,1 kilometr aralykda ýerine ýetirildi we 92 — 95-nji kilometr bölekde dowam edýär. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin gurluşyk meýdançalarynda döwrebap gurluşyk tehnikalarynyň 253-si, şol sanda «Zoomlion» buldozerleri we «Komatsu» ekskawatorlary ulanylýar.