18-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, ylym işgärleri, diplomatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar.
Bu ýerde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Songýungwan uniwersitetiniň «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» diýen derejesiniň berilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň görnükli hyzmatlarynyň, ýurduň ösüşine, onuň syýasy ulgamynyň, ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň kämilleşmegine, şeýle hem Watanymyzyň halkara giňişligindäki ornunyň we abraýynyň ýokarlanmagyna goşan uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
Songýungwan uniwersitetiniň dünýäniň iň gadymy bilim edaralarynyň biri bolup, halkara ylmy-bilim jemgyýetçiliginde mynasyp abraýdan we hormatdan peýdalanýandygy bellenildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga we dünýä ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge goşýan saldamly goşandyny biragyzdan nygtadylar. Şeýle hem bu wakanyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ylym, bilim, sanlylaşdyrma we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi.
Dabaraly maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky gazananlaryny we halkara gatnaşyklarynyň ösüşini beýan edýän tematiki sergi hem geçirildi.
