Ýaponiýanyň «Toyo Engineering Corporation» (TOYO) inžiniring korporasiýasy «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara sergisiniň we maslahatyň kümüş hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Iri pudaklaýyn forum 3–5-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
«CIET 2026» döwlet pudagynyň, halkara kompaniýalaryň, maliýe düzümleriniň we bilermenleriň arasyndaky gepleşikler üçin amatly meýdança öwrüler. Senagaty toplumlaýyn ösdürmek, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, sanly çözgütleri ornaşdyrmak we maýa goýumlary çekmek meseleleri gatnaşyjylaryň üns merkezinden ornuny tapar. Guramaçylar pudaklaryň özara sazlaşygyna aýratyn üns berýärler: gurluşykda we energetikada döwrebap tehnologik çözgütler täze senagat önümçiliklerini ýola goýmak üçin möhüm binýady döredýär.
Çäräniň maksatnamasy baý işewürlik bölümini we ýöriteleşdirilen sergini öz içine alýar. Pikir alyşmalar döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, inžiniring we taslamalary maliýeleşdirmek mowzuklaryny öz içine alar. Sergi ekspozisiýalary hem-de B2B we B2G formatlaryndaky duşuşyklar bolsa gatnaşyjylara göni aragatnaşygy ýola goýmaga, türkmen bazarynyň isleglerini nazara almak bilen enjamlary hem-de tehnologiýalary tanyşdyrmaga giň mümkinçilik berer.
«TOYO» bilen hyzmatdaşlyk «CIET 2026-nyň» işewür gün tertibine amaly häsiýet çaýar. Çünki ýapon kompaniýasy Türkmenistanda giň gerimli gazhimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde uly tejribä eýedir:
Halkara konsorsiumyň düzüminde «TOYO» gazy bölüji, etilen we polipropilen öndüriji desgalaryň taslamasyny düzmek, enjamlary satyn almak hem-de işe girizmek-sazlamak işleri üçin jogapkärçilik çekdi (taslama 2018-nji ýylda tamamlandy).
2025-nji ýylda «TOYO» Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden toplumy dikeltmek işleriniň birinji tapgyry boýunça şertnama aldy. 2026-njy ýylyň başynda kompaniýa meýilleşdiriş we taslama düzmek tapgyrynyň doly ýerine ýetirilendigini tassyklady, şeýle hem düýpli abatlamagyň ikinji tapgyry boýunça ähtnama (memoranduma) gol çekdi.
«TOYO-nyň» baý tejribesi «CIET 2026-nyň» tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek we ýokary goşulan gymmaty bolan önümleri öndürmek ýaly esasy wezipeleri bilen gös-göni gabat gelýär. Kompaniýanyň bu foruma gatnaşmagy tehnologik hyzmatdaşlygy berkitmäge we täze bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga ýardam berer.
