«Toyota Camry 2026» hödürlenildi

MilliInfo

31 Iyul, 2025

«GAC Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazary üçin «Toyota Camry 2026» awtoulagyny resmi taýdan hödürledi. Model üç güýç gurluşyny aldy: 2,0 litrlik atmosfera hereketlendirijisi, şeýle hem 2,0 we 2,5 litrlik hereketlendirijiler esasynda öz-özüne energiýa berýän iki gibrid ulgamy. Bu çyzgytda (häzirki wagtda 15 görnüş bar) täze «2.0 Hybrid Sport Lite» nusgasy hem bolar.

«Camry 2026» şol bir 18 dýuýmlyk tigirleri goşmak bilen häzirki modeliň dizaýnyny saklap galdy. Awtoulagyň gabarasynyň ölçegleri 4950 x 1850 x 1450 mm, tigir binýady 2825 mm. Gabaranyň alty reňkdäki nusgalary bar: Platinum White Pearl, Titanium Silver, Cyber Gray, Smoky Crystal Black, Dazzling Red we Opal Silver. Ulagyň salony iki reňkde hödürlenýär: Ivory White (pil süňki) we Starry Black (ýyldyzly gara).

Ulagyň nobatdaky nusgasy basgançaksyz geçiriş (wariator) bilen üpjün edilip, kuwwaty 173 at güýjüne barabar bolan 2,0 litrlik atmosfera hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. 2.0 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid ulgamyň umumy kuwwaty 197 at güýji bilen tapawutlanyp, «e-CVT» elektromehaniki üýtgeýjisini öz içine alýar. 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan ýokary gibrid ulgamyň umumy kuwwaty 230 at güýji, geçirijisi — e-CVT.

Täze «Camry 2.0 Hybrid Sport Lite» nusgasy täsin radiatory bilen tapawutlanýan sport stilindäki öňki bamperi, 18 dýuýmlyk iki reňkli tekerleri özünde jemleýär. Bahalar 24000-den 36000 dollar aralygynda (171800-den 259800 ýuana çenli).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo