«Toyota Corolla» ulagynyň ýubileý modeli çykaryldy

MilliInfo

2 Iýun, 2026

«Toyota Motor» korporasiýasy Ýaponiýanyň içerki bazary üçin «Corolla» (sedan) we «Corolla Touring» (uniwersal) modelleriniň täze «Active Sport» görnüşini çykardy. Täze görnüşleriň satuwa çykarylmagy birinji nesil «Corolla» ulagynyň önümçiligine başlanylmagynyň 60 ýyllygyna (bu sene 20-nji oktýabrda belleniler) bagyşlanýar.

«Active Sport» görnüşi bamperleriň aşaky böleklerindäki we gapdal bosagalardaky ýörite aerodinamiki enjamlary, şeýle hem bedeni has gowy saklaýan gapdal goldawly öňki sport oturgyçlaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, bu toplumda öňki panel emeli deri bilen örtülipdir, pedallarda alýumin örtügi we aýaklaryň astynda ýerleşdirmek üçin halyçalar ulanylýar. Salonyň birnäçe ýerinde «Corolla» kysymynyň 60 ýyllygynyň hormatyna ýörite logotip bar.

«Toyota Corolla Active Sport» 215/45 R17 ölçegli tekerler we gara reňkli köp çarhy bolan ýeňil garyndyly diskler bilen üpjün edilýär.

Tehniki taýdan diňe bir tapawudy bar: ol asma (podweska) ulgamynyň has gaty sazlamalarydyr. Emma bu aýratynlyk diňe öňden çekiji modifikasiýa degişlidir. Doly çekijili (4WD) «Corolla Active Sport» modeliniň asma ulgamy standart görnüşdedir.

Ýaponiýada «Corolla» ulagynyň ýubileý görnüşiniň bahasy 3 231 800 iýenden başlaýar.

Häzirki wagtda Ýaponiýada «Corolla» ulagynyň sedan we uniwersaly «parallel gibrid» ulgamy bilen üpjün edilen görnüşleri hödürlenilýär. Ol 1,8 litrlik «2ZR-FXE» benzinli we içinden ýanyşly dwigatelden, wariatordan we elektrodwigatelden ybaratdyr. Ulgamyň umumy güýji 140 at güýjüne deňdir. Çekijisi alyjynyň islegine görä öňden ýa-da doly (4WD) bolup biler. Doly çekijili transmissiýada «E-Four» ulgamy ulanylýar: bu ulgamda yzky okda aýratyn ykjam elektromotor bolup, ol ýer bilen durnuklylyk pes bolan ýagdaýynda (startda we pes tizliklerde) doly çekijiligi üpjün edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info