«Toyota» täze krossowerini — 2026-njy ýylyň «Toyota Crown Kluger» modelini hödürledi. Bu ulagyň Hytaýdaky bahasy 40 — 60 müň dollar aralygynda bolar.
Enjamlaryň düzümine 2,0 litrlik benzinli motor ýa-da 2,5 litrlik hereketlendirijisi bolan gibrid güýç ulgamy, şeýle hem öňki tigirleri ýa-da doly işleýän (4×4) hereket toplumy girip biler.
«Toyota Crown Kluger 2026» 15,6 dýuýmlyk merkezi dolandyryş ekrany (ýüz tanamak funksiýasy bilen) we birnäçe täze aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Aşaky kamera arkaly işleýän aýdyň şassi ulgamy, ýokary çözgütli yzky wideokamerasy, ses geçirmeýän yzky aýna, 50 W kuwwata eýelik edýän geçirijisiz energiýa beriş enjamy, 64 reňkli içki yşyklandyryş tehnologiýasy ulagyň artykmaçlyklarynyň üstüni ýetirýär.
«Toyota Crown Kluger 2026» modeli 5015 × 1930 × 1750 millimetr ölçegli gabara hem-de 2850 millimetr tigir binýadyna eýedir. 2,0 litrlik hereketlendiriji iň ýokary 182 kWt kuwwatyny we 380 N·m öwrüm mümkinçiligini döredýär. Onuň transmissiýasy 8 basgançakly awtomatiki tizlik gutusy we döwrebap doly hereket ulgamy bilen utgaşdyrylypdyr.
2,5 litrlik gibrid model öňki bölegi hereket edýän hem-de doly mümkinçiligi bilen çekýän görnüşler üçin umumy 181 kWt kuwwaty berýär, onuň hereketlendirijisi bolsa basgançaksuz «E-CVT» transmissiýasy bilen sazlaşykly işleýär.

