«Toyota Highlander 2026» krossoweri täze interýere eýe boldy

MilliInfo

5 Oktýabr, 2025

Üç hatar oturgyçly «Toyota Highlander» krossoweriniň dördünji nesli ilkinji gezek 2019-njy ýylda hödürlenipdi we şol wagtdan bäri doly restaýlingden geçmändi. Şeýle-de bolsa, ol dürli bazarlaryň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, dünýä derejesindäki model hökmünde ýerli talaplar esasynda döwrebaplaşdyrylyp durulýar. Şu wagt «GAC-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaý üçin «Highlander» modelini öndürýän kompaniýa hökmünde 2026-njy ýyl üçin niýetlenen täze salonly krossower görnüşini görkezdi.

Täzelenen modelde öň paneliň merkezi bölegi doly nusgada işlenip düzülipdir. Indi bu ýerde çarçuwasyz, ululygy 15,6 dýuým bolan täze media ulgamynyň ekrany ýerleşdirilýär (ozal 10,25 ýa-da 12,3 dýuýmlyk ekranlar teklip edilýärdi). Nobatdaky gurluşda howa sazlaýjy ulgam (klimat-kontrol) üçin aýratyn fiziki düwmeler we aýlawly dolandyryş enjamy aradan aýryldy – indi ähli sazlamalar displeý arkaly ýerine ýetirilýär. Onuň ornuna kuwwaty 50 watt bolan geçirijisiz energiýa beriş ulgamy we giňişleýin kontur ýagtylandyryşy peýda boldy. Şol bir wagtda içki bezegiň materiallary hem täze görnüşler bilen çalşylyp, uly bezeg panelleri bilen baýlaşdyryldy.

Hytaýda satylýan iň arzan model diňe iki hatar oturgyç bilen enjamlaşdyrylandyr, emma beýleki ähli görnüşler üç hatar oturgyç bilen üpjün edilýär. Hatda iň ýönekeý görnüşli «Highlander» modelinde hem 12,3 dýuýmlyk wirtual panel, «Toyota Safety Sense» ugry boýunça uýgunlaşdyrylan awtomatik tizligi saklaýjy ulgam (uýgunlaşdyryjy kruiz-kontrol) we üç zolokly howany sazlaýjy bölüm bar. Goşmaça enjam hökmünde ähli oturgyçlaryň gyzdyrylyşy, öňdäki oturgyçlaryň howa bilen sowadylmagy, bäşinji gapynyň elektrik nusgasynda açylyp-ýapylmagy we panoramaly üçek teklip edilýär. Onuň daşky görnüşinde üýtgeşmeler göz öňünde tutulmady.

Tehniki aýratynlyklary öňki ýaly saklanyp galypdyr. Gibrid «Highlander» modeli 2,5 litrlik atmosferaly hem-de benzinli hereketlendiriji (189 at güýji, 236 Nm), elektrik hereketlendirijisi we elektromehaniki üýtgediji (variator) bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulgamyň umumy kuwwaty — 246 at güýjüne barabar. Şeýle hem onuň yzky okda ýerleşýän ikinji elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilen doly geçirijili gibrid görnüşi hem hödürlenýär. Benzinli «Highlander» bolsa Hytaýda 2,0 litrlik turbomotor (248 at güýji, 380 Nm) we sekiz basgançakly awtomatiki ýangyç gutusy bilen üpjün edilýär. Şeýle görnüş üçin yzky geçirimli kuwwat bölüji enjam (mufta) başlangyç görnüşde taýýarlanylýar.

Interýeri täzelenen krossower eýýäm Hytaýda satuwa çykaryldy. «Highlander» modeliniň bahasy 250 müňden 326 müň ýuana çenli (takmynan 35 müň — 46 müň amerikan dollary) aralykda üýtgeýär. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda bu ulaglara ep-esli arzanladyşlar yglan edildi. Gysga wagtda şol görnüşdäki «Toyota Crown Kluger» modeli hem bilelikdäki «FAW-Toyota» kärhanasy tarapyndan öndürilýän şular ýaly täzelenmeleri geçirmeli bolar. Emma Amerikanyň bazary üçin niýetlenen «Highlander» modeli başga ugur bilen hem ösüş ýoluna düşüp biler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo