Ýewropada ýolsuz ýerde hereket etmäge ukyply ulaglaryň «hökümdary» hasaplanýan «Toyota Hilux» kysymly awtoulagyň düýbünden täzelenen nusgasy tanyşdyryldy.
Awtoulagyň dizel nusgasy 201 at güýjüne eýe bolan 2,8 litrlik hereketlendiriji we 48 woltluk goşmaça ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu görnüşiň ýük göterijiligi 1000 kilograma deňdir.
«Hilux BEV» ulagyň elektrikli görnüşi bolup, onuň sygymy 59,2 kilowat-sag bolan akkumulýator we iki sany elektromotor bilen üpjün edilendir. Olaryň her biri awtoulagyň aýratynlykdaky oklarynda ýerleşdirilip, awtoulagyň hemişelik doly çekijisini üpjün edýär. Ulagyň ätiýaçlyk energiýasy bilen hereket gorunyň uzaklygy 258 kilometr bolup, şäher şertlerinde bolsa 380 kilometre çenli ýetýär. Şunlukda, awtoulagyň ýük göterijiligi 715 kilograma çenli azaldy, tirkelýän tirkegiň iň ýokary agramy bolsa dizel görnüşinden takmynan iki esse pes bolup, 1600 kilograma barabardyr.
Elektrikleşdirilendigine garamazdan, «Hilux BEV» adaty «Hilux» kysymynyň ähli ýolsuz ýerde ýöreýiş häsiýetlerini saklap galýar: onuň çarçuwa gurluşy, 212 millimetr ýerden belentligi we ýörite ýolsuz ýerde hereket etmek düzgüni bar. Ulagyň suwdan geçiş çuňlugy 700 millimetre deňdir.
Täzelenen «Hilux 2026-nyň» Beýik Britaniýadaky satuwlary iýun aýynda başlanar. Elbetde, onuň bahasy öňki nesliň ulaglary üçin bellenen nyrhdan ýokary bolar. Muňa garamazdan, «Toyota» kompaniýasy hereketlendiriji ulgamlarynyň dürlüliginiň «Hilux» kysymynyň bazardaky ornuny saklap galmagyna mümkinçilik berjekdigine ynanýar.