«Toyota» kompaniýasy Hytaýda «Avalon» sedanynyň eýýäm üçünji restailingini (daşky dizaýnyndaky üýtgeşmeleri) hödürledi. «Carscoops» neşiriniň habar bermegine görä, model benzin we gibrid nusgalaryny saklap galmak bilen, soňky «Camry» we «Crown» modelleriniň stilindäki täze keşbe eýe boldy.
2022-nji ýylda «Avalonyň» Amerikanyň bazaryndan çykanmagyndan soň, bu model Hytaýyň «FAW Toyota» bilelikdäki kärhanasynda öndürilmegini dowam etdirdi.
Esasy üýtgeşmeler awtoulagyň daşky görnüşine degişlidir. Sedanyň öň tarapy «Toyota Camry XV80» modeliniň ruhunda dizaýn edildi:
C-görnüşli swetodiod (LED) yşyklary;
Dikligine ýerleşen çyzykly, ulaldylan radiator gözenegi;
Has «agressiw» görnüşli öňki bamper.
Gapdal tarapdan sedan üýtgemedi diýen ýaly, emma oňa täze 17 we 18 dýuýmlyk tigir diskleri taýýarlandy. Ulagyň yz tarapy bolsa indi flagman «Toyota Crown» modelini has güýçli ýatladýar.
Yzky böleginde öňki bitewi yşykly zolagyň ornuna özboluşly çyralar peýda boldy, «Avalon» ýazgysy bolsa bezeg panelinden ýük bölüminiň gapagyna geçirildi. Şeýle hem yzky bamperiň şekili we döwlet belgisiniň goýulýan ýeriniň ýerleşişi üýtgedildi.
Dörebaplaşdyrylan «Avalon» iki dürli ölçegde — uzynlygy 4990 mm we 5055 mm bolan nusgalarda hödürlener.
Awtoulagyň adaty görnüşi 152 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik içinden ýanýan dwigatel bilen enjamlaşdyrylar. Mundan başga-da, umumy kuwwaty 186 at güýjüne deň bolan we 100 km ýola ortaça 4,31 litr ýangyç sarp edýän «HEV gibrid» görnüşi hem hödürlenmegini dowam eder.
