Hytaýda täzelenen «Toyota Sienna» görkezildi.
«GAC Toyota» 2026-njy ýylyň «Sienna» miniwenini tanyşdyrdy: ulag gibrid gurluşyny hem-de giňeldilen tehnologiýalar toplumyny aldy.

Dizaýn we tehnologik mümkinçilikler
Täze «Sienna» daşky görnüşi boýunça 2024-nji ýylyň stilini saklap, giň howa çalşyjy gözenekleri bilen tapawutlanýar. Awtoulagda gapylaryň intellektual elektrik dolandyryşy ornaşdyrylyp, ol barmaklaryň ýa-da elleriň gapjamak howpunyň öňüni alýan ýörite datçikler bilen üpjün edilendir.

Salonda 12,3 dýuýmlyk HD çözgütli merkezi dolandyryş displeýi, deri rul, sekiz dinamikaly ses enjamlar toplumy hem-de öňdäki oturgyçlar üçin gyzdyryjy ulgam ýerleşdirilendir. Ýokary derejeli görnüşlerde bolsa geçirijisiz energiýa bermek, 12,3 dýuýmlyk LCD enjamlar paneli, ýagyş datçikli aýna süpürijiler we 220 W elektrik üpjünçilik ulgamy ýaly goşmaça mümkinçilikler elýeterlidir.
Tehniki tarapy
Model 181 kWt kuwwaty bilen tapawutlanýan 2,5 litrlik gibrid gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr we bu ulgam geçirijisiz E-CVT transmissiýa bilen utgaşykly işleýär. Şeýle tehnologiýalary saýlamagy «Toyota» kompaniýasynyň ekologiýa taýdan arassa hem-de tygşytly çözgütlere gönükdirilen ugruny görkezýär.

Miniweniň Hytaýdaky bahasy 324,8 müňden 393,8 müň ýuana çenlidir.
Aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri bolsa öňki ýyllarda öndürilen «Toyota Sienna» modelleriniň abraýynyň dürli-dürli bolanlygydyr. Mysal üçin, 2007-nji ýyldaky nusga kän ýag harçlamagy we transmissiýa bilen bagly kynçylyklar sebäpli, brendiň iň ygtybarsyz awtoulaglarynyň sanawyna girizilipdi. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu model saklaýjy ulgamyň ulanylmagyndan soň, täzeden tizlenmekde kynçylyk çekipdir.