«Toyota» sedan modellerini işläp taýýarlamakdan ýüz öwürmeýär. Şeýle-de bolsa, geljek ýyl onuň iň meşhur dört gapyly awtoulagy bolan «Corolla» düýpli täzelenmä eýe bolar, onuň daşky görnüşine hem birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizmek göz öňünde tutulýar.
Golaýda täze «Corolla» kysymynyň konsept çyzgylary internet ulgamyna syzdyryldy. Şunlukda, «Toyota» kompaniýasynyň iň köp satylýan modelleriniň biri bolan awtoulag «Camry» modelinden käbir dizaýn aýratynlyklaryny miras alar we sport stili has güýçli ýüze çykýan gabara nusgasyna eýe bolar.
Konseptual şekillere görä, «Corolla» awtoulagynyň öňki bölegi «Toyota» kompaniýasynyň iň täze dizaýn çözgütlerini özünde jemlär: C görnüşindäki öňki çyralar, giňäp gidýän yşyk zolaklary. Awtoulagyň aşagynda ýerleşjek iri radiator gözenekleri we düýpgöter täzeden işlenen bamper bolsa oňa has-da dinamiki görnüş berer.
Ulagyň daşky görnüşinde onuň gapdalyndan geçýän gabara çyzyklary hem-de yza süýşürilen sütüni bilen tapawutlandyrylan üçek çyzgysy ýaly aýratynlyklary hem üýtgedilip bilner. Awtoulagyň daşky görnüşini biri-birine inçe zolak bilen birleşdirilen C görnüşli yzky çyralar, gapdallarynda uly dik kesilen oýuklary bolan bamper hem-de iki sany ýag turbaly gurluş tamamlaýar.
«Toyota Corolla» awtoulagynyň salonynyň gurluşynyň hem täzelenen «Toyota Camry» modeliniň interýer konfigurasiýasyna laýyk gelmegine garaşylýar. Awtoulagda 12,3 dýuýmlyk sensor ekrany we şol ölçegdäki sanly gurallar paneli bolup biler.
Maglumatlara görä, täze «Corolla» modeliniň hereketlendirijiler toplumyna 1,5 litrlik atmosferaly we turbinaly benzinli motorlar, şeýle hem gibrid we elektrik togundan energiýa alýan gibrid hereketlendiriji ulgamlary giriziler.
Täze «Toyota Corolla» 2026-njy ýylda tanyşdyrylar.