«Toyota» kompaniýasy Ýaponiýada ýolsuz ýerde hereket edýän «Land Cruiser 300» ulagynyň ýörite görnüşi bolan «Rally Raid» nusgasyny hödürledi. Bu ýörite nusga «Toyota Auto Body» zawodlar toparynyň «Dakar» rally-reýdindäki ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky 12-nji ýeňşine bagyşlanypdyr.
Ýörite «Kruzak» «GR Sport» derejesinde turbodizel görnüşi esasynda döredilen. Ýolsuz ýerde hereket edýän ulag 18 dýuýmlyk «Enkei» tigirleri, çarkandakly ugurlarda ýöräp biljek tekerleri we özboluşly saklaýjy plastinalary bilen tapawutlanýar. Gabarasy bolsa zawodlar toparynyň logotipleri bilen bezelendir. Şeýle-de, onda ýörite sazlanan ýazgyçlar (pružinalar) we amartizatorlar ýerleşdirilipdir, gabara bilen çarçuwanyň arasyndaky berkidijiler hem güýçlendirilipdir.
Salonyň Merkezi konsolynda ýörite neşiriň ady we «Land Cruiser» şekili ýerleşdirilen metal tablisa bar.

Tehniki tarapdan üýtgeşme ýok — ulagyň kapotynyň astynda 3,3 litrlik V6 turbodizel hereketlendirijisi bolup, ol 309 at güýjini (700 Nm) berýär. Onuň bilen hereketlendiriji, 10 basgançakly awtomat geçiriji hem-de ähli bloklaýyş ulgamlary bolan doly hereketlendiriş ulgamy işleýär.
«Rally Raid» görnüşindäki «Land Cruiser» ulaglarynyň diňe 12-si çykarylar we şonuň ýaly täzeden enjamlaşdyrma toplumy öň satylan «GR Sport» modelleri üçin hem elýeterli bolar. Bu ulaglara eýe bolmak isleýän alyjylar «Toyota» kompaniýasynyň Ýaponiýadaky wekilleri tarapyndan geçiriljek bijede ýeňmeli bolar. Ýolsuz ýerde hereket edýän ulagyň bahasy 8,14 million, täzeden enjamlaşdyrma toplumy bolsa 1,5 million ýapon ieni möçberinde bolar.