«Toyota» baş direktorynyň çalşylandygyny yglan etdi

MilliInfo

Öň korporasiýanyň maliýe bölümine ýolbaşçylyk eden 57 ýaşly Kenta Kon «Toyota Motor» kompaniýasynyň täze prezidenti we baş direktory wezipesine bellendi. Ol aprel aýynda täze wezipesine ýerine ýetirip başlar.

Kenta Kon

Kompaniýanyň häzirki ýolbaşçysy, 56 ýaşly Koji Sato bolsa direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolar we Ýaponiýanyň işewürler federasiýasynyň hem-de Ýaponiýanyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasynyň ýolbaşçylary ýaly, bar ünsüni wekilçilikli we jemgyýetçilik wezipelerine gönükdirmeli bolar.

Kodzi Sato

Kenta Kon 1991-nji ýyldan bäri «Toyota» kompaniýasynda işleýär we maliýe hem hasapçylyk boýunça ýöriteleşýär. Şol bir wagtyň özünde bolsa Sato «Lexus» lyuks ugry ýaly gibrid modelleriň önümçiligine we işlenip düzülmegine gatnaşdy. Kon indi korporasiýanyň umumy işine ýolbaşçylyk eder.

2025-nji ýylda «Toyota Motor» dünýäde 11,32 million awtoulag satyp, täze rekordyň eýesi boldy. Munuň özi 4,6% ösüşiň gazanylandygyny görkezip, kompaniýanyň altynjy ýyl yzly-yzyna 8,98 million awtoulag satan «Volkswagen» markasyndan hem öňe geçendigini aňladýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info