«Toyota Motor Corporation» 2025-nji ýylyň dokuz aýynda dünýäniň dürli ýurtlarynda 8,36 million awtoulagyny ýerledi. Bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan 6 % ýokarydygyny «GlobalData Automotive» taslamasynyň seljerijileri habar berdiler.
Ösüşiň möhüm bölegi ýapon bazaryna degişlidir — bu ýerde satuwlar 15 % artyp, 1,54 million awtoulagdan geçdi. Ýaponiýadan daşarda hem satuwlaryň göterimi ýokarlandy. Muňa garamazdan, ösüşiň derejesi ýönekeý ýagdaýda boldy — 3,9 % çenli artdy 6,81 million awtoulag satyldy.
«Toyota» we «Lexus» brendleriniň umumy satuwy 4,7 % ýokarlanyp, 7,78 million awtoulaga çenli artdy. Şunuň bilen birlikde, «Toyota» kompaniýasynyň garamagyndaky «Daihatsu» satuwlaryny birden 31 % artdyrdy we 492 müň awtoulaga ýetirdi. Täjirçilik ugruna ýöriteleşen «Hino Motors» kompaniýasynyň görkezijileri pese düşdi — 10 % azalmak bilen, jemi 83 müň awtoulag satyldy. Ýanwar — sentýabr aralygynda bolsa Russiýanyň raýatlary «Toyota» awtoulaglarynyň 17 222-sini satyn aldylar — bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27 % köpdür.

