«Toyota» kompaniýasy Ýaponiýada täzelenen «Corolla Cross» krossowerini we «Corolla» maşgalasynyň 60 ýyllygyna bagyşlanan «Z Adventure» ýörite ýubileý görnüşini tanyşdyrdy. Täze modeliniň esasy aýratynlygy, «Land Cruiser» nusgasyny ýatladýan dizaýny boldy.
«Corolla Cross Z Adventure» modeli awtomobiliň amerikan görnüşiniň stilinde ýasalan täze radiatoryň gözenegi, alýumin bezeg elementleri, ýörite «60th Anniversary» nyşanlary we 17 dýuymlyk çal reňkli diskalara eýe boldy. Goşmaça töleg bilen «Z Adventure Set» toplumyny hem sargyt edip bolýar. Bu toplum radiatoryň gözeneginde «Land Cruiser» stilindäki uly «Toyota» ýazgysyny we plastmassa bölekleriniň goýy reňkli bezegini öz içine alýar.
Awtomobiliň salonynda emeli deri we matadan utgaşdyrylan bezeg, ruluň, öňki paneliň we tizlik geçirijiniň bölegindäki «Smoke Silver Metallic» reňkli bezeg bölekleri ulanyldy.
Ýörite nusgadan başga-da, «Corolla Cross» modeliniň beýleki toplumlary hem täzelendi. Iň ýokary derejeli gibrid nusgalary bolan «HEV Z» we «HEV GR Sport» indi sürüjä kömek berýän giňeldilen ulgamlar bilen enjamlaşdyryldy. Olaryň hatarynda yzlygyna çykylanda «görünmeýän zolaklary» yzarlamak, gapylaryň howpsuz açylmagyny üpjün etmek, töwerekleýin syn ediş ulgamy we kämilleşdirilen awtomatiki «duralgada goýujy» hyzmaty bar.
Ýaponiýada täzelenen krossoweriň satuwy eýýäm başlady. «Corolla Crossyň» bahasy 3,61 million iýenden (takmynan 22,4 müň dollar), «Z Adventure E-Four» ýubileý görnüşiniň bahasy bolsa 3,92 million iýenden (takmynan 24,3 müň dollar) başlanýar.
