Bu model adaty benzinli motorlar, gibrid we doly elektrik görnüşindäki güýç gurnamalary bilen öndüriler. Bäşinji nesliň awtoulagy 2027-nji ýylyň ahyryna ýa-da 2028-nji ýylda bazara çykarylar.
Ýapon awtoulag giganty dürli güýç gurnamaly modelleri aýry-aýry hödürlemek bilen çäklenmän, täze «Yaris» üçin bitewi bir platforma döretmek baradaky strategik karary kabul etdi. Bu bolsa awtomobiliň tanyş keşbini saklap galmaga hem-de dünýäniň dürli künjeklerindäki alyjylara olaryň isleglerinden we ulanylýan ýerindäki infrastruktura ösüşiniň derejesinden ugur alyp, amatly nusgany hödürlemäge mümkinçilik berer.
Täze «Yaris» bäş gapyly gabarany saklap galar, onuň içki dizaýny (interýeri) bolsa ozal tanyşdyrylan «Corolla» konseptini ýatladar. Bu modeliň «Toyota» kompaniýasynyň modelleriniň hatarynda «arzan» awtomobil hökmünde kabul edilmezligi üçin, esasy üns hile we tehnologiýalara gönükdirildi.
Elektrik nusgasyndaky «Yaris» hakynda söhbet etsek, ol «Renault 5» we geljekki «Volkswagen ID. Polo» modelleri bilen bäsdeşlik eder. Awtomobiliň bir gezekki energiýa bilen geçjek ýoly takmynan 400 kilometr bolar. Gibrid görnüşi bolsa häzirki nesliň awtomobiliniň ýangyç tygşytlylygyny — her 100 km ýola 3 litr ýangyç sarp edilişini saklap galýar.