TSSE we «TMT Consulting Group» Şanhaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirer

MilliInfo
TSSE we «TMT Consulting Group» Şanhaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirer

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «TMT Consulting Group» kompaniýasynyň goldaw bermeginde 2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Şanhaý şäherinde (HHR) 9-njy Hytaý halkara import sergisiniň (CIIE) çäklerinde Türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirer. Bu başlangyç Türkmenistanyň we Hytaýyň wekilleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de bilelikdäki taslamalary taýýarlamaga gönükdirilendir.

Forumyň maksatnamasynda gatnaşyjylara tematik mejlisler, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň tanyşdyrylyşlary, işewür duşuşyklar we üç görnüşdäki gepleşikler garaşýar:

  • G2G — döwlet edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklar;

  • B2G — telekeçilik düzümleriniň döwlet edaralary bilen duşuşyklary;

  • B2B — kompaniýalaryň we telekeçileriň arasyndaky göni gepleşikler;

  • Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň edaralaryna we önümçilik meýdançalaryna baryp görmek.

Kimler gatnaşyp biler?

Foruma gatnaşmaga işewür gatnaşyklary ösdürmäge, hyzmatdaşlary gözlemäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň we telekeçilik jemgyýetçiliginiň wekilleri çagyrylýar.

Aşakdaky pudaklaryň wekillerine aýratyn üns berler:

  • ikitaraplaýyn söwda we daşary ykdysady iş;

  • senagat we senagat kooperasiýasy;

  • oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat;

  • döwrebap tehnologiýalar we sanlaşdyrma;

  • ulag we logistika;

  • üstaşyr (tranzit) kuwwatlylygy;

  • ynsanperwer hyzmatdaşlyk.

Gatnaşmak üçin öňünden bellige alynmagyňyz (registrasiýa) hökmanydyr.

Gatnaşmak we bellige alynmak meseleleri boýunça:
Tel.: +993 12 75 36 44 / 48; +993 64 04 27 51
E-poçta: ogulbagt.hydyrova@tmt.tm

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info