Transfer möwsümi «Ahal» futbol toparynyň düzümine düýpli täsirini ýetirdi

MilliInfo

5 Ýanwar, 2026

fc_ahal

Ýurdumyzyň wise-çempiony bolmagy başaran «Ahal» futbol toparynyň düzüminde düýpli üýtgeşmeler bolup geçdi.

Toparyň baş tälimçisi Welsähet Öwezowyň hem-de kapitany Elman Tagaýewiň klubdan gidýändigi mälim edildi. Bu-da hemmesi däl. Gurban Annaýew, Alibek Abdurahmanow, Bagtyýar Gürgenow hem-de Akmämmet Metdäýew ýaly futbolçylar hem futbol ýollaryny başga toparlarda dowam etdirerler.

Suratda: Elman Tagaýew

Garaz, nobatdaky transfer möwsümi «Ahal» toparynyň düzüminde bolup geçen üýtgeşmeler milli çempionatyň nobatdaky möwsüminde klublaryň ýagdaýynyň düýpli özgerjekdigini aýan edýär. Bu waka janköýerlerde hem uly gyzyklanma döredýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info